Portrete synanyşyk
Hudožnik dostum “Ýazyjy” diýip atlandyran täze kartinasyny iberdi: Ozal sil suwlarynyň dolup akan, soň gurluşyk üçin ençeme ýyllap daş alnan ägirt uly jaryň içinde bir adam aýbogdaşyny gurup, öňündäki gyýçak daşyň üstünde goýlan gyzylja maşynkada bir zatlar ýazyp otyr. Ýel onuň kagyzlaryny dargadypdyr. Hersi bir ýerde ýatan kagyzlary eline alyp, olara göz gezdiren adamlaryň silkme telpekleriniň ýokarsynda çyzylan halkada edýän pikirleri ýazylan. Olaryň biri ‘däli’ diýse, ýene biri ‘samsyk, sähne’ diýýär. Ýokarda, jaryň gyralarynda, öň aýnalarynyň içinde prezidentiň daşaryk bakdyrylan portretleri goýlan we ‘Hormatly Prezidentiň sowgady’ diýlip ýazylan buldozerler işleşip ýör. Olar jary gömmek üçin töwerekden gum, daş susup, getirip, jaryň içine guýýarlar. Ýokardan guýulýan gum we daş aşakda, jaryň düýbünde oýnap ýören çagalary birden-ikiden basyp, tot-tozan içinde ýitirim edýär. Çagalary ýiten eneler zürýatlarynyň tümmek bolan ýerinde perişan bolup otyrlar. Maşynkadaky ak kagyzyň ýüzünde “Ili gömmäň-dä!” diýen iki söz, ýazyjynyň ýüzünde bolsa, tot-tozany iki bölüp, iki gözden gaýdan ganly ýaşyň çuň yzy bar...