Ejizligiň sebäbi

Adam aýtdy:

"Ozal ’birleşen oppozisiýa’ diýen çalajan ideýa bardy, indi diňe birleşen nalajedeýinlik, kaýyllyk bar. Jemgyýet ýuwaşjadan, ýöne ynamly betbagtçylyk çukuryna tarap süýşüp barýar. Muňa düşünýän az däl, emma adamlar birleşmegiň deregine bir-birinden daş durmaga çalyşýar."

Beýleki adam sorady:

“Bu näme üçin beýel boldy?”

“Sebäbi her kim nadaralykdan ýüşenýär. O tarapda-da nadaralyk, bu tarapda-da... Ýakyn barsaň, siňe seretseň, boşlukdan, nadanlykdan başyň aýlanyp, gözüň garaňkyraýar. Emma adam näçe boş boldugyça, şonça doludyryn öýdýär ýa-da şol boşlugy örtmek üçin şermendelige tutýar. Başyňy alyp, çem gelen tarapa gaçasyň gelýär..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024