Syýasy partiýa bilen aýalyň arabaglanyşygy
Adam aýtdy:
"Bizde hakyky syýasy partiýanyň döräp bilmezliginiň sebäbini bilýäňmi? Munuň baş sebäbi erkekleriň bisowatlygynda we nirede bisowat aýallara öýlenmeklerinde... Olar sowatly-bilimli, akylly we dünýägaraýşy giň aýaldan gorkýarlar. ’Diýenimi etmez, aýalguly bolaryn’ diýýärler. Onsoň olar näme diýse, sesini çykarman boýun boljak gyz gözleýärler. Bu hili gyzlara olar ’terbiýeli ýeriň çagasy ýa halal ýerden çykan maşgala’ diýýärler. Betbagtlyk diňe bu ýerde hem däl. Bisowat erkek hatda sowatlyrak, okan gyza öýlense hem, özüne kybap diplomly, emma sowatsyz, ogurlyga, ýalançylyga garşy çykmaýan, gaýta ony goldaýan aýal tapýar. Iň erbedi bolsa, bisowat aýaldan bolan çagalar ejelerinden, kakalaryndanam hem beter bisowat bolýar. Sen olaryň diplom alanyna, birnäçe dilde geplänine, ýokary wezipelerde işlänine, hatda birden baý bolanyna hem seretme, alma agajyndan daşa düşmez. Onsoň olar partiýa döretmez, aňyrsy görünmeýän türme halkyny döretmäge gatnaşar we özi hem, türmä düşsün-düşmesin parhy ýok, içerde ýa daşarda, hatda daşary ýurtda hem şolaryň - ömrüni zyndan edenleriň birine öwrüler..."