Täze düzgün

Student aýtdy:

"Oba kanikula gitdim. Agşamara salkynda, kakam bilen işikdäki tapjanda, üzüm dalbarynyň aşagynda çaý içip otyrkak Türkiýedäki ýagdaýlardan gürrüň çykdy. Kakam ’Türkiýäňem suwy çykyp barýar, türki dilli halklaryň arasynda bir idilirägimikä diýýärdik’ diýdi. Edil şu gepiň üstüne-de iki öý daşlykda ýaşaýan goňşymyz - obada kethuda bolan bolýan ýaşuly geldi. Ol aňyrdan gelşine Türkiýe barada edilen gürrüňiň soňuny eşiden eken. ’Türkiýede bolýan zatlara kelle agyrtmak size galypdyrmy? Gül ýaly parahat ýurdumyz bar, hezil ediň-de oturyň-da’ diýip, hemleli gürledi. Kakamyň ogly geleli bäri açylan ýüzi biygtyýar gamaşdy, gözlerindäki nur öçen ýaly boldy. Emma ol goňşy ýaşula gaty-gaýrym zat diýmän, ’gel-geç’ edip, çaý hödürledi. Ýöne goňşy bir käse çaý içip, derrew gitdi, işi bar eken, meň gelenimi eşidip, salamlaşaýyn diýip sowlupdyr. Ol gideninden soň, kakam uludan demini aldy-da, ’hiç kimiň ýanynda hiç zat hakynda gürlemeli däl indi bu ýurtda, diňe telewizorda aýdylýan ýüreksiz sözleri gaýtalamaly, kellesiz we ýüreksiz ýaşamaly’ diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024