Alada
Şu gün aeroportda Baýramgül bilen myhman ugradyp durkak beýleräkden barýan ýolagçynyň jübüsinden bir zadyň zyňlyp gidenine gözüm düşdi. Gapdaldan gelýän ýaş jübüt o zadyň ýanynda sägindi, aýal (göwreli) eglip, gaçan zady aldy-da, erkegiň jübüsine saldy. Olar diňe şondan soň töwerege seretdiler. Emma meniň synlap duranymy görmediler. Ara açygrakdy. Soň olar gapdaldaky açyk kafeden bir zatlar almak üçin nobata durdylar. Erkek zol-zol elini sokup, tapylan zadyň salnan jübüsini barlady, soň ony alyp, aşakdaky jübüsine geçirdi. Aýal töweregine garanjaklap, oňa bir zatlar diýdi. Erkek ýene tapyndyny salan jübüsini barlady, soň ony alyp, arkasyndaky sumkasyna saldy. Ýöne barybir ynjalyp bilmedi, birsellemden ony ýene salan ýerinden çykaryp, başga jübüsine aldy...
Men ol jübüdi synlap durşuma, ýüz müňläp, millionlap... ’tapýanlar’ nädýärkä diýip alada etdim.