Adamkärçiligiň muzdy

Adam aýtdy:

"Men ony ençeme ýyl görmändim. Asyl, beýle kärdeşimiň bolandygy, şeýle bir adamyň ýagty jahanda bardygy hem ýadymdan çykypdyr. Ýogsa, ençeme ýyl bile, bir edarada işläpdik. Diletantdy, her täze gelen başlyga ýallaklap, iş öwrenmegiň ýerine intriganyň, gep-gybadyň ussady bolupdy. Ahyrynda ol öz gazan çukuryna düşüp, meýletin-mejbury ýagdaýda, arzajygyny ýazyp, işden çykdy. Tanaýanlar ’ahyry bir akylly iş etdi’ diýdiler. Şondan soň nijeme ýyl, ony ýolda-yzda-da görmändim. Arada kärdeşleriň biri jaň edip, onuň adyny tutdy-da, ’ejesi ýogalypdyr, ertir belli güni, ýerine görneli, el galdyryp gaýdaly, gelşikli bor, ençeme ýyl bile işleşdik’ diýdi. ’Eje’ diýseler, ýüregiň ýumşaýar. Diýlen güni bardyk, oturdyk, duz dadyp, okalan aýat-dogalara goşulyp, ’yzy ýarasyn’, ’jaýy jennetden bolsun’ diýip, yzynda galanlara uzak ömür diläp, kärdeşim aýtmyşlaýyn ’el galdyryp’ gaýtdyk. Emma bu el galdyrmagyň yzy bar eken. Ol şondan soň ony-muny bahanalap, maňa jaň etmäge başlady. Bir gün bolsa, iş ýerime gelip, bir sagat ýanymda oturyp, hem wagtymy aldy, hem köne gürrüňlerini gaýtalady. Elbetde, ol gürrüňlerde başgalar aýyplanýardy. Men saklap, onuň öz eden karam oýunlaryny ýatlatjak boldum. Ol özi käse döwüp, eden işini dil çykmadyk jigisiniň üstüne atýan çaga ýaly, ýene ýanymyzda ýok adamlary günäläp, çarbaýlyga tutdy. Men ýene, ençeme ýyl arakesmeden soň, şol öňki porsy çukura ýykylan ýaly boldum. Beýnim ýene ysdan doldy..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024