"Gazly suw"
Kursdaş gyzlarymyz oňa adyny bilmän ýa çyn adyny tutmak islemän, “Gazly suw” diýerdiler. Baýramgül şu gün irden gyzlaryň oňa, koridordan gelýänini görseler, “Gazly suw” gelýär" diýip gülüşlerini ýatlady.
O wagtlar biz gowaça meýdanlarynyň içinden Aşgabada gelip, çyr-çytyr okajak bolýan we kän okaman baha alýan oglan-gyzlaryň içinden şöhrat, mal-dünýe üçin beýle aňry gitjek adamlaryň çykjagy barada asla pikir etmeýärdik.
Dogry, düşünene reallyklar belli: biz sowet režiminiň önümleridik, ýöne şol önümleriň içinde diňe özi üçin däl, belki özi üçin, emma il bilen bile çykalga gözleýänler hem bardy. Belki, bu oglanlayk bolandyr, çökýän “ösen sosializm” gämisiniň we oňa çar tarapdan çozýan “azat bazar” läheňleriniň fonundaky ýönetemlikdir...
“Gazly suw” lakamy onuň öz sözünden galypdy. 1977-nji ýylyň sentýabrynda, M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen filologiýasy fakultetinde, ähli studentleriň gatnaşmagynda komsomol ýygnagy bolup, ol şol ýygnakda öz kursdaşlary bilen studentleriň tomusky gurluşyk otrýadynda bolşy barada gürrüň berdi.
Elbetde, ýygnaklarda söz sözlemek ynanylýanlar aýtmaly zatlary, ýagny nobatçy, ýüreksiz sözlemler toplumyny ýatdan bilýän adamlar bolmalydy. Ol okuwa girmezinden öň goşun gullugyny tamamlap, bu zatlary gowy öwrenen bolarly. Megerem şondan, onuň berýän ‘öli’ gürrüňinde ýüregi böküp duran studentleri gyzyklandyrjak zat azdy.
Ýöne ol sözüniň ahyrynda gurluşyk otrýadynda gören gowy zatlary barada bir ýatda galjak sözem aýtdy: “Bize ol ýerde her gün gazly suwam berdiler” diýdi. Studentden doly uly auditoriýa bu söze wakyrdap güldi.
Indi şol “Gazly suw”, arada tötänden eşitdim, režimiň ’halk vazyjylarynyň’ biri bolupdyr.