Adam bolsaň

Öz ömrüňi,
öz durmuşyň
günde gur sen täzeden,
höwürtgesin gurşy ýaly guşlaryň,
hiç ýadama, ýorulma ýa
boýun alma aranyň,
hyk-çok etme ýakyn, ýada,
başarşyňdan tur ýeriňden,
dikel her gün ir säher,
gijä galma galkynmaga,
ýalkamaga özüňi
ýagşa tutup ýüregiň,
tolkunlara, goma garşy
ur ýadaman küregiň;
öz ömrüňi,
öz durmuşyň
günde gur sen täzeden,
günde gal sen ýeriňden,
günde ýuw sen ýüzüňi,
günde seret güne garşy,
nurdan doldur gözüňi,
hemem her gün, iň bolmanda
bir ädim ur şere garşy,
hem eliňi uzat haýra,
adam bolsaň, ýagşa ýykyl,
a guş bolsaň, süýji saýra!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019