Gahrymançylyk we dönüklik
Bir türkmen beýlekä gürrüň berýär:
"Öten agşam bir kino gördüm, birini nähak türmä basýarlar..."
"Olam gaçýarmy onsoň?" Ikinji türkmen gürrüňiň arasyny bölýär.
"Hawa, gaçýar, ýöne gyzykly ýeri şunda, soň ol özüni türmä basanlaryň nähili hapa adamlardygyny subut edýär, diňe öz güýji, öz kellesi bilen. Hiç kim kömek berenok!"
"Aý, kinodyr-da..."
"Hakyky durmuşdan alnan kino ol... Haýp, ilde şeýle gahrymanlar bar, bizde ýok."
"Eger türkmen şoň ýaly töhmet bilen türmä basylyp, soňam türmeden gaçsa we özüni basanlaryň nahili hapadygyny subut etse, türkmen ony gahryman hasaplarmy?"
"Ýok, türkmen oň ýaly adamlara ’dönük’ diýýär.