Özüňki we özgäňki

Adam aýtdy:

"Sowet döwründe ýolbaşçylaryň aýagyndan ’teriperaz, milletparaz, özüniňkileri ýokaryk çekýär, beýleki tireden bolanlary aşak basýar’ diýip ýazardylar. Olam onsoň şol arz edýänleriň tiresinden ýa milletinden iň bideregini, ýagny tiresi üçin o çöpi bu çöpüň üstüne atmajak egoisti tapardy-da, wezipä bellärdi. Golsuz arza ýazýanlar bu jogaba düşünerdiler, emma çöpleri gutaransoň, bialaç dymmaly bolardylar. Emma ýaňky wezipä bellenen tiredeşleri olaryň tire bähbitlerine zyýan getirmese, peýda getirmezdi we garaşylyşyndan has uzaga giderdi. Eger-de aşaklykdan tire urşuny alyp baranlaryň ýa nadaralyk söweşinde milleti, tiräni galkan edinjek bolanlaryň tejribesinden çen tutsaň, öz milletiňden ýa tiräňden bolgusyz adamyň ýokaryk çykanyndan başga bir milletden ýa tireden aram, ortatap adamyň ýokary çykany kän gowy. Sebäbi, özüňkiň pohuna batandan özgäniň oslugyna boglanyň has ýeňil..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024