Surat

Ata görä ogul

Ol bir gepinde ’erkek doganym kän, aýal doganym, uýam bolmady’ diýdi. Gynanýandyr öýtdüm. Soň bir gezek ’dört oglum bar, gyzym bolmady’ diýdi. Ýene gynanýandyr öýtdüm.

Ýöne soň onuň bulary öwnüp ýa öwünjek bolup aýdýany belli boldy. ’Nätjek, bile işleýäň, barmanam bolanok, ýogsa baýtalyny höwür ata çekýä-laý’ diýip, gyzyny durmuşa çykaranda toýa çagyran kärdeşiniň gürrüňini etdi. ’Höwür at tapylmaz öýdendir-dä, gaty begenipdir, stoluň üstünde ýok zat ýok...’ Ilki ony toýa çagyrana, soň öz sadalygyma gynandym.

Bir hepde soň ýene öňümden çykdy: ’Uly oglum deňiz ýakasyndan iş tapdy. O ýerde bir kursdaşym duşup, öýüne myhman çagyrypdyr, deň-duşy gyzy bar eken. Oglum telefonda ’Kursdaşyň meni ganjygyna çatjak boldy’ diýip gülýär...’

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024