Öňki we soňky pikir
Ozal biz gözüni ýolda goýan ejemiziň mazaryna zyýarat etmek, hassa kakamyz bilen hoşlaşmak üçin kanuna köwşüni süpürýän hökümetden rugsat soramaly we almaly diýip pikir edýärdik. Emma indi belli bolşuna görä, bu ýeterlik däl eken, öň şol hökümetde egrilik edip, ogurlyk marafonynda eşretden mahrum edilenlerdenem rugsat soramaly ekenik. Bolmasa, öň olaryň işlän hökümeti tarapyndan ’dönük’ hasaplanyşymyz ýaly, indi öň gujagynda meýmirän hökümetine garşy göreşijisumaklar tarapyndan şübhe astyna alynjak ekenik.