Surat

Soňy görülmedik öňdengörüjilik

Olar syýasatdan gaça durdylar; syýasat bilen meşgullanyp türmä, dälihana düşýänlere, ýurdundan aýrylýanlara käte içden, käte daşdan ’ederini bilmez’, ’ýoldan azaşan’ hökmünde baş ýaýkadylar, oturan-turan ýerlerinde, ogul-gyzlaryna, ýegenlerine syýasatdan daş durmagy nesihat etdiler. Emma syýasat syýasat bilen meşgullanmaýanlary sylap ýa aýap durmaýar. Onsoň olar gorkularyna, gara başlaryny, ogul-gyzlaryny goramak umydy bilen diniň çukurynda gizlendiler. Emma syýasat olaryň metjitlerine 25 ýyllyk türmelerini alyp bardy. Olar indi syýasat bilen meşgullananlaryň özleri - syýasat bilen meşgullanmadyklar bilen meşgullanmagyna, kömek, ýardam ederine, bolmanda bir goldaw sözüni aýdaryna garaşýarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019