Şeýtanyň taktikasy

Dogjak ýurduny, maşgalasyny saýlap bilmeýşi ýaly, adam käte dostuny hem saýlap bilmeýär we çem gelen, ýa-da ’çagyrylmadyk’ hem ýüzi galyň ’myhman’ bilen dost bolýar. Üstesine, ’bir kemsiz dost gözläp, dostsuz galma’ diýýärler. Olar ony bir däl, köp kemçiligini bilip dost edindiler, sebäbi nadaralykda peýdasy degjek ýerleri bardy. Soň ol dostuň ’professional şuguldygy’, gizlin gulluklara duz iýişýän dostlaryny ’satýandygy’ belli boldy. Olar utandylar. Emma ’item aryklygyn gurda bildirmez’ diýlenini edip, dostlugy sakladylar. Gep-gürrüň çykan ýerinde bolsa, dostlarynyň şugulçylgygyny ýuwmarlap, başgalary garalamaga çalyşdylar: "O gün agşam ümsümleriň edarasyndan çykyp gelýänini görüpdirler, şolar bilen hyzmatdaşlyk edýär öýdýän." Şeýtan aýdarmyş: "Özüňde abraý bolmasa, abraýlyny biabraý et!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024