Arka diräp bolmaýan daglaryň döreýän ýeri
Adam çagasyna ilki harplary öwretmeli, soň okamagy, ýazmagy, ýene okamagy we okamagy öwretmeli; soň oňa okan zadyna düşünmegi, düşünmedik ýerinde sorag bermegi, pikirlenmegi we netije çykarmagy, dogry pikirini goramagy, ýalňyşýan ýerini boýun almagy, ýönekeý ynsan mertligini, özüne we özgelere kast etmezligi... öwretmeli. Bular çagalykdan başlanmaly, gijä galsaň kyn bolýar. Özi çaga atasy ýa uly-kiçi emel adam soň köplenç okamagy, juda bagty çüwmese, töwerekleýin pikirlenmegi we dürs netije çykarmagy, rasionallygy... öwrenip bilmeýär. Muňa derek, sähel aýagy ýer tutsa, bu hili adamlar diňe ‘men’, ’meniň islegim bolmaly’ diýýär. Eger öňünden çykylmasa, bu ’menler’ öýünde ýa işinde, tapawudy ýok, wezipe ygtyýarlyklaryna, arkasyndaky gara güýje, içinde möwç urýan nadaralyga daýanmaga çalyşýar, ýazylan we ýazylmadyk kanunlary depeleýär, ysgyndan gaçýança kast edýär, öldürýär ýa-da bolmanda öňe goýbermän saklaýar. Bu hili adamlaryň ölümini dileýän köp bolýar, emma "alla-a gowusy gerekmiş", olar aňsat almaýar. Ýöne ajal alaýanda hem, o tetelliler yzynda ýene özi ýaly, belki, özündenem beter bisowat-bihaýalaryň örňäp-ösmegine ýol açyp gidýärler. Gepiň gysgasy, ýurt, döwlet ýa hökümet bihaýalygy maşgala ojagyndan, bisowat ýa öz jogapkärçiligine asla düşünmeýän ata-eneden başlanýar. Olar köplük bolýar we çagasyna hakyky, dürs terbiýe beren az sanly ene-atalara, diňe olara däl, tutuş halka kast edýärler. Hut şu kastdan hem ömürlik prezidentler, ’baky beýik’ liderler, arka ýaplap bolmaýan arkadaglar döreýär.