Aşgabatdaky iň täze anekdot
Türkiýä gelen türkmen turisti Germaniýadaky garyndaşyna jaň edýär:
- Aşgabatdaky iň täze anekdoty eşitdiňmi?
-Ýok.
- Onda diňle. Ýol polisiýasy düzgün bozmadyk sürüjini saklap, adatdaky ýaly, yrsarap başlaýar. Sürüji ýylgyryp, "Bagyşla, maýdan öňki ýagdaý bolan bolsa, ’oňşaly’ diýip, bäş-üç manat hödürlärdim, emma soňky tut-da-baslyklardan soň onam edip bilemok" diýýär. Polisiýa ofiseri ýüzüni boz-ýaz edip: "Aý, hudaý bardyr, göwnüňden çykaranyňy taşla-da gidiber" diýip, sürüjiniň dokumentlerini yzyna uzadýar.