Surat

Ýazyjynyň 'ýüreksiz ýazyjy' hakyndaky hekaýasy

Ýazyjy ýogaldy. Tarpa-taýyn öldi ýatyberdi. Ýaramok-beýleki diýen ýeri-de ýokdy. Ajy habar bir hepdä ýetmän ýurt aşdy. Bir zaman bile işleşen kärdeşleriniň biri ýedisi geçensoň öýüne telefon etdi. Elbetde, trubkany ýazyjynyň aýaly aldy, sebäbi özi indi bu eşretden peýdalanyp bilmeýärdi. Jaň eden ýazyjy adatça şeýle ýagdaýda aýdylýan lenji çykan sözleri gaýtalady: "Bolmandyr, jaýy jennetden bolsun-beýleki" diýdi. Soňundanam "näme boldy, ýaranok-beýleki diýibem-ä eşitmändik?" diýip sorady. "Aý, şoňa näme bolanynam bilmän galdym men-ä" diýip, aýaly güljeginem, aglajagynam bilmän aýtdy. "Doktorlar ’ýürekde kemi bar eken’ diýdiler. Şunça ýaşaşsamam, bende-de ýürek bardygyny bilmändirin..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024