Surat

Ösüşiň "ini gaýtalaman" ýoly

Ýalňyşmasam, 1990-nji ýylaryň tomus günleriniň biridi. Çagalarym bilen Çoganla baryp, Akmyrat Garly hem onuň ogullary bilen Gurtly kölüne suwa düşmäge gitdik. Tomusda Çagalary suwdan çykaryp bolýarmy. Ahyry Gün ýaşyp barýarka öýe gaýtdyk.

Gaýdyşyn, kanalyň köprüsinden geçip, Aşgabada girilýän ýerdäki çatrykdan geçemde, DAI-niň işgärleri saklady. Menden öňde, menden soňda hem saklanan kändi. Ala taýagyny galdyryp saklan inspektor, hiç zat gürlemän, maşynyny gyra sowup duran sürüjileri taýagy bilen ümläp, DAI-niň budkasyna ugradýardy. Budkada oturan inspektor bolsa her gelen sürüji üçin aýratyn protokol ýazyp, sürüjä aşagyna gol çekdirip, sürüjilik şahadatnamasyny alyp galýardy. Gezek maňa ýetdi. Inspektor sürüjilik şahadatnamamy alyp, protokol dolduryp, öňümde goýdy-da, meniň gol çekmeli ýerime barmagyny dürtdi: "Şu ýere ’Indi gaýtalaman’ diýip ýaz-da, aşagyna goluňy çek, agam!"

Men onuň diýenini diýşi ýaly etmän: "Nämäni indi gaýtalamaly däl?" diýip soradym. Ol ’bu nähili tentek sürüji?’ diýýän ýaly ýüzüme alarylyp seretdi-de, öň ýanymdan çykyp giden sürüjä ýazylan protokoly öňüme oklady: "Ine, şuňa seret-de, diýlenini et, seň bilen sanaşyp oturmaga wagt ýok, yzyňda näçe adam dur, seň üçin ýol hereketini durzup biljek däl!" Men öňüme oklanan protokola göz aýlap, "Munda ’ini gaýtalaman’ diýlip ýazylypdyr" diýdim.

Inspektoryň hasam gahary geldi: "Ony näme maňa aýdýaň, agam? Men saňa ’şony ýaz-da, goluňy çek’ diýip durun-a?" diýdi.

Men ruçkany aldym-da, protokolyň özüme degişli ýerini doldurmaga, ýagny öz wersiýamy ýazmaga başladym. Inspektor elime ýapyşdy: "Eý, sen näme ýäzýaň?" "Bolan zady ýazýan." "O nämäň bolan zady? Sen gyzylda geçdiň, beýlekiler ýaly, ’indi gaýtalaman’ diýip ýaz. Bolany, başga kelle agyryň gerek däl bize!"

"Birinjiden, beýlekiler ’indi’ sözi bilen ’ini’ sözüniň ýazylyş tapawudyny bilenok, ikinjiden, seret, çatrykda duran kärdeşiň işläp duran swetofora garaman hereketi düzgünleşdirýär, ýagny Daşoguz tarapdan gelenleri saklap, Çoganlydan gelýänleri goýberýär, bu ýerdäki kärdeşiň bolsa şol goýberilenleri saklap, bärik, seniň ýanyňa ugradýar, senem ’gyzylda geçdiň’ diýip, bigünä adamlara jerime ýazýarsyň. Men şuny ýazjak." Inspektoryň hasam gahary geldi: "Sen gowy içgili öýdýän, agam? Gözüňem gyp-gyzyl?" "Ýok, men Gurtly kölünde iki sagat gowurak suwa düşüp gelýän." Emma ol meni diňlemedi ýa-da diýýän sözlerime düýpden düşünmedi. Ýöne onuň gazetden guýguç ýasap, demimi üfledip eden tagallasy netije bermedi. Barybir, ol protokala ýazan ’gyzylda geçdiň’ aýyplamasyndan dänmedi. Men oňa munuň inspektoryň diýýän ýa aýdýan zadydygyny, meniň munuň bilen ylalaşmaýandygymy düşündirjek boldum, emma bolmady.

Ahyrynda protokala onuň islän zadyny däl, öz pozisyýamy ýazjakdygymy, soňundan hem arz etjekdigimi gönüläp aýtdym. Inspektor bu golaýda beýle sürüjä duşmadyk bolarly. Sebäbi sürüjiler adatça, ýaşuly adamlar bolsalar-da, ogly ýaly inspektorlaryň ýanyna "Ýaşuly, salawmaleýkim" diýip gelýärdiler. Inspektor gaharlanyp: "Eliňden gelenini aýama onda" diýip, ýakamy goýberdi we sürüjilik şahadatnamamy aňyrsyndaky çekere zyňdy. Men öýe gelip, maşynkanyň başyna geçdim-de, bolan zatlary wagty-sagady bilen kagyza geçirip, IIM-niň şikaýat çelegine taşlap gaýtdym.

Ertesi irden IIM-den ýazyjy Ata Durdyýewiň ogludygyny aýdyp, biri jaň etdi. Ol maňa, garyndaşdygyny aýdyp, ’daýy’ ýa ’ýegen’ diýip ýüzlendi, anyk ýadymda däl, emma bisowat adamlary işe almaly bolýandygyny, sebäbi sowatly adamlaryň DAI-niň işine gelmeýändigini aýdyp zeýreneni ýadymda. Ol ’ylalaşaly, inspektory işden kowmaly, ýerine adam tapmak kyn’ diýýärdi. Men, ’ýüz otdan yssy’, garyndaş bilen ylalaşdym we onuň diýenini edip, gapdalymyzdaky köçä çykyp, başga bir inspektordan iberilen sürüjilik şahadatnamamy alyp gaýtdym.

Ondan bäri 25 ýyl geçdi. Emma şol wagt çatrykda duranyň gyzylda geçmegi ündemegi, soň gyzylda geçenleriň saklanmagy we ’ini gaýtalaman’ diýip toba etmegi hem jerime tölemegi tutuş bir milletiň saýlap alan ykdysady ösüş ýoludyr, bu ýol iki onýyllykda ýüz müňlerçe adamyň öýüni ýykar diýip pikir etmändirin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024