Surat

Paşmadyk ýazyjynyň kaşlygy

Ol goňşy redaksiýada işleýärdi. Sypaýydy, bir zadym çyksa, hökman okanyny bildirerdi. Gutlardy. Ozal neşirýatda jogapkär wezipede işläp, öz ’hekaýalaryny we hekaýajyklaryny’ saldamly kitap edip çykardyp, halypa tankytçynyň gazabyna duçar bolanyndan soň, kürsüsini ýitiripdi. Wezipesini, mal-dünýesini ýitirenler adatça aýňalyp bilmeýär, gynanjyndan keselleýär ýa-da gaýtadan tijenip bilmän, ’pelle-pelle aşaklap’, ölüp gidýär diýerdiler. Emma ol, görnüşinden, ruhdan düşmeýärdi.

Bir gezek ol koridorda, gazetde bir aý ozal çykan hekaýamdaky personažyň aýdýan sözlerini gaýtalady-da, "Indi nämäniň üstünde işleýäň?" diýip sorady. Men "öz üstümde işleýän, okaýan" diýip ýylgyrdym. Ol ýylgyrman-yşman: "Okamak uly iş" diýdi. Ýene bir ýadymda galan zat, ol metbugat öýünde işleýänleriň ýa-da ol ýere, biziň redaksiýamyza gelýän ýazyjylaryň köpüsinden gowy geýnerdi. Baý däl, geýen zadyny dogry-düzüw edip geýerdi. Aýdaly, penjegi bolsa, egni dogry oturýandyr, ilikleri ýetýändir, ýeňi-beýlekisi uzyn ýa kelte däldir. Balagynyň bili hem giň, kemer bilen büzülen, gonjy uzyn, köwşüniň ökjesini ýapyp duran ýa tyrryk bolmazdy. Köýneginiň ýakasy hemişe arassady, diýmek, bir günden kän çalşyrman köýnek geýmezdi. Galstugy kelte ýa uzyn, balagyna gysdyrylan bolmazdy, laýyk bolardy. Saçy hemişe bejerilgi, gowy daralan, sakgaly tämiz syrylgy bolardy. Bular, meger, wezipe basgançagyndan ýokaryk galýan kommunistleriň gowy özleşdiren sapaklarydy, olar holpy-solpy, tapanyny geýýän ýazyjylardan, käte gygyryp gürleşýän, koridorda ýa kabinetde gaty gülýän... žurnalistlerden saýlanar durardy. Emma ol soňky ýigrimi ýylda, näme üçindir, bir gezegem ýadyma düşmändi. Belki, tanyşlygyň koridordan, gysga salam-helikden hiç wagt aňry geçmänligindendir. Iş, gulluk wezipäm bilen bagly onuň birki hekaýasyny okan bolmagym-da mümkin, emma ykjamja geýnişinden başga ýadymda galan ’eseri’ ýok.

Bu gün birden ýadyma düşmeginiň sebäbi bolsa, arada biri onuň indi ömründe bir çeper eseri hem soňuna çenli okamadyk ’täze türkmene’ ’eser’ ýazyp berýändigini aýtdy. Men muňa ynanjagymy-da, ynanmajagymy-da bilmedim. Sebäbi bu bir ’myşdy’, şol bir wagtda-da bolup biljek zatdy: bazarda her kim, geçen ýerinden, öz harydyny satýar. Emma bu habar maňa halypa tankytçynyň ’paşmadyk ýazyjynyň kaşlygyndan gorkýan’ diýen sözlerini ýatlatdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024