Surat

Tanymal şahyr

"Tanymallygam her hili bolýar - diýip, adam aýtdy. - Sowet ýyllary Moskwa gidip, keselhana girende, yzynda eşidenler ’näme kemi bar, niresi agyrýar?’ diýip sorasalar, paýtagtdan gelen ýazyjy kärdeşi ’näme kemi ýok, niresi agyranok?’ diýip soraň’ diýip gülýärdi. ’Bu içişi, çekişi bilen altmyşa ýetmez’ diýýärdiler. Emma agzyna arak-şerap ýa çilim almadyklaryň köpüsi gitdi, ol galdy. Hakyky bulanyk suwuň balygy eken. Oglundan mugallymy dat edýärdi, ’mekdebe gelenok’ diýip. Mugallymy yzyndan, öýlerine ibererdiler. Okuwçy oglanyň ejesi ’beýleki öýümizde, prezidentiň goşgy ýazany üçin beren jaýynda, kakasynyň ýanynda bolmasa, bir hepde bäri göremok’ diýerdi. ’Beýleki öýlerine barsam, kakasam serhoş, oglam’ diýip, jany ýanan mugallym ’tanymalyň’ adyny tutsalar, ot alyp galardy. Şol ogluny soň KGB-ä işe ýerleşdirdi, şol işde neşe bilen tutulanda-da alyp çykmagy başardy, zora-zor diýmeli..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024