Surat

Gürrüň we iş

Gürrüň başga, iş başga. Adamyň aýdýan sözleri hemişe ýüregindäki niýetine gabat gelmeýär. Käbirleri umumy il bähbitli sözi diňe öz hakyky päl-niýetini ýaşyrmak üçin ulanýar. Şu sebäpden il derdi ýa dünýä, adamzat problemalary hakynda janygýan hiç wagt az bolmaz. Emma olaryň köpüsi eden gürrüňi bilen çäklener, ýene bir bölegi bolsa, problemalardan peýdalanyp, gara işlerini dowam etdirer, başgalary "dert ýeňletmek üçin" "çem gelen döwrany sürer". Il derdi diýýänleriň diňe juda az bölegi il bähbitli iş etjek bolar, öz gül ömrüni, gözel wagtyny pida eder. Bu hemişe şeýle bolupdyr we şeýle gitjege meňzeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024