Bagt üçin doglanlar
Olar problemadan gaçyp, seslerini çykarmazlyga, problemanyň gözüne ilmezlige we öýlerinde gizlenmäge çalyşýarlar. Olar çagalykda bir zatdan gorksalar, ejeleriniň, kakalarynyň, eneleriniň ýa başga bir ýakynlarynyň gujagyna gysylardylar. Emma indi ulaldylar, öýli-işikli boldular, çagalary bar, ene-atalary bolsa ýa garrady, ýa öldi. Onsoň olar problemadan gaçyp, aýallarynyň, çagalarynyň arkasyna bukulýarlar. Çörek, eklenç üçin, mümkin bolsa aýllaryny, çagalaryny iberýärler... Emma problema olary goýmaýar, aýallarynyň, çagalarynyň yzyna düşüp, öýlerine gelýär. Olar gorkýarlar, problemadan gaçara ýer ýok. Käbirleri daşary ýurtlara gaçmagyň pikirini edýär, käbirleri problemadan gutulmak üçin ölmek isleýär. Ýöne bularyň hiç biri aňsat däl. Emma olara aňsat zat gerek, olar kynçylyk üçin däl, göreş üçin däl, bagt üçin, keýp üçin, şatlyk üçin doglan adamlar.