Surat

Ýüzüňe urýanlar we öwýänler

Bu täze pikir-netije däl, emma gaýtalanyňa degýän duýduryş. Agyrtsa-da, arkaňdan ýa ýüzüňe urýanlardan gorkma. Sebäbi beýle urgylar seni diňe agyrtmaz, Nitşäniň aýdyşy ýaly, öldürmese – berkider; adamlary has gowy tanamagy, özüňi tijemägi hem-de her öwsen ýele epilmezligi öwreder. Bu durmuşda bar, bolan we boljak zatdyr. Ondan gaçyp gutuljak ýeriň ýok, diýmek, onuň bilen bile ýaşamagy, ýöne aşagyna düşmezligi öwremek gerek. Emma ýüzüňe öwýänlerden ägä bol, olar seni gowşadar, başyňy aýlar, azaşdyrar we garaşmaýan wagtyň, gapyl goýup, gaty ýykar. Bu hili ýagdaýda ýykylsaň, galmak kyn bolar, nämeden ýykylanyňa düşünmän galmagyň-da, hiç wagt aýak üstüne galyp ýa dikelip bilmezligiň-de mümkin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024