Adam we dert
Adam il derdine öz derdiniň üstünden gelýär. Ol, ilki oglanlyk edip, soňabaka has çynyrgadyp, problemalara we olaryň gözbaş alýan esasy ýerine göz ýetirýär we açlygy, horlugy döredýän hökümetiň garşysyna öz bilýän kiçijik hakykatlary bilen baş göterýär (elbetde, soň ol öz bilýän zatlarynyň suwuň aşagyndaky äpet buzuň diňe çüňkjagazydygyna düşünýär). Ýöne muňa gelmek kyn, sebäbi sowet sistemasyny azajygam bolsa bilýän adam hökümetiň özüne çenli guma hem kesege garan millionlap adamyny ýatda saklaman bilmeýär. Onsoň olaryň birleri, öz möhümini, wagtlaýynam bolsa, belli derejede bitirip bilse, hökümet bilen ylalaşýar. Netijede, olary türmä basylan bolsa, türmeden boşadýarlar, işden kowlan bolsa, işe ýerleşdirýärler, jaýy ýok bolsa - jaý berýärler ş.m. Bu hili adamlar köplük bolýar. Emma başgalary, juda seýrek, öz problemalarynyň bölekleýin ýa wagtlaýyn çözülmegi bilen ylalaşmaýar. Sebäbi olar öz derdini il derdi bilen bir hasaplaýar, meseläniň aýratynlykda däl, umumylykda, hemmä deň uzagyndan çözülmegini isleýär. Çünki bu islendik adamyň hem özi, hem çagalary, hem töweregi, umumy abadançylyk üçin gerek. Emma bu barha maddylaşýan dünäýede, garyplar bilen baýlaryň aratapawudynyň görülmedik derejde ulalýan şertlerinde mümkin bolup görünmeýär we hökümet özüni üýtgetmäge entekler taýýar bolup biljek däl... Onsoň, keçeňek reallyk ýa hökümet bilen ylalaşmaýan adamlar ýa jenaýatçylar bilen türmede, ýa ruhy hassalar bilen dälihanada, ýa bosgunda, ýa maýyp, ýa öli bolmaly bolýar... Iň gyzykly ýeri hökümetiň düşündirişi: ol öz wagtlaýyn çözgüdi bilen ylalaşana "gowy oglan, ýagdaýa düşünýär, uzak gider" diýýär, beýlekä bolsa "haýwan, haramazda, däli" diýýär.