Surat

Kör sazandanyň ölümi

Ol köçede saz çalardy. Gözleri görmeýärdi, ýanynda ýolbelet iti bolardy. Her gezek ýanyndan geçemde, köpüjek taşlap, belki onuň däl, öz göwnümi götererdim. Sebäbi islän adamlaryma kömegim ýetmändi. Bir gün, köpük taýýarlajak bolup jübimi sermenip gelşime, onuň hemişe durýan ýerinde ýokdugyny gördüm. Golaý gelemsoň, ol ýerde daşa basdyrylyp goýlan karton kagyzdaky ýazga gözüm düşdi: ol ýogalypdyr. Geçegçileriň käsi durup, ýazgyly kagyzy surata düşürýärdi. Onsoň bir turist bu ýerde näme ýazylandygyny sorady. Oňa düşündirdiler. Soň olam şol karton kagyzdaky ýazgyny surata düşürdi... Men ýolumy dowam etdim. Ýöne ilki oňa gynanan bolsam, soň özüme gynandym: sebäbi indi köpüjek bilen öz göwnüme teselli berip, azajygam bolsa galkynyp biljek däldim.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024