Jogaby islenmeýän sorag
Olar üýşüp, agzybirlikde we uzak wagtlap oturan şahalaryny pyçgyladylar. Eger biri-ýarymy ’Bu edýänimiz ýalňyş bolaýmasyn? Oturan şahamyzy pyçgylasak, ýykylyp, çaga-çugamyz bilen guma bulaşaýmalyň?’ dagy diýjek bolsa, üýşüp ýüzüni aldylar. Eger oň ýaly adamlar ýene tapylsa, beýlekilere-de göz edip, metbugatda ’o... tula’ dönderdiler. Ýöne bir gün şol "o... tulalaryň’ aýdany boldy, olar çaga-çugalary bilen guma, palçyga ýykyldylar. Ýöne munuň näme üçin beýle bolanyna düşünmediler ýa düşünmedik boldular, ýokaryk seredip: ’Beh, biz näme üçin ýykyldyg-aý?’ diýip, bir-biriniň ýüzüne seretdiler. Emma muny soraýanlar çyn ýa çuň jogap islemeýärdi, muny sorag berilýänler-de bilýärdi. Sebäbi olarda çyn we çuň gürrüňe ne sabyr, ne-de kanagat bardy...