Adalatçy
...Onuň agasy türkmen teatrynyň sahnasynda Şekspiriň eserlerini sahnalaşdyrýardy, özi Otellodan monolog aýdardy. Smolenskide tomusky gurluşyk otrýadynda işleýärkäk, ýüregi gysanda, bagryny paralap, Mollanepesiň "Istäpki gözel ýary’ goşgusyny ýatdan okardy. Onuň ýary hem biziň kursdaşymyzdy. Emma ol ýaryna wepa bermän, daýzasynyň gyzyna öýlenende, ’toýuna çagyrmady’ diýip gynananlar-da boldy. Okuwy gutaryp barýardyk. Aşgabadyň 14-nj mekdebinde praktika geçýän gyzlarymyz, öýleri şo ýerde bolansoň, gelnini görjek bolup, nijeme ýalbardylar. Emma ol öýüne çagyrmady. Bir gezek öýüne baryp gören kursdaşynyz "Ýalbaryp oturmaň, onda ygtyýar ýok. Barsaň, enesi gapyny açman, howlynyň içinden "Kwartirant saklamyzok" diýip gygyrýar. Eger agtygynyň adyny tutup, şonuň kursdaşy diýseň, ’näme üçin geldiň?’ diýip, gapyny açman sorag edýär" diýdi. Elbetde, her kimiň öz durmuşy, nähili ýaşasy gelse - şo hili hem ýaşar. Emma men başga bir zada gynaýaryn. Onuň öýlenen günleri biziň kursdaşymyz, ýetim gyz ondan ogla garaşýardy. Olar pagtada aşyk-magşuk bolup, saklanyp bilmändiler. Dogry, okuwdan çykarylmazlyk üçin, ol biziň kursdaşymyz bilen resmi nikadan geçipdi, emma kanuny aýalynyň ýanyna gelip bilmän, enesiniň diýenini edip, mollada nikalaşan ikinji aýaly bilen ýaşaýardy. Biz bolsak, gör, nähili ýüreksiz, onuň bilen salamlaşýardyk...
Soň bu kursdaşymyz telewideniýeden ile adalaty öwretdi we hökümeti tankytlaýanlara efirden ’haramzada’ diýip sögdi.