Ulus-iliň saýlany
Adam aýtdy:
"Ile garşy gidilmez. Sebäbi il beýik, il mukaddes. ’Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak bolsa, senem şo ýana git’ giýendirler. ’Il bilen gelen - toýda-baýram’ diýendirler. Ýene ’Dinden çyksaň çyk, ilden çykma’ diýendirler. Dinde aýdylýanlary mollalaram etmez, il näme üçin etsin? Sebäbi diniň toslanyp tapylan zatdygyny, mukaddes kitaplar diýilýänleriň hemmesiniň pul berlip ýazdyrylandygyny ilki dindarlaryň özleri bilýär. Ne jennete, ne dowzaha ynanýan bar. Bu zatlar adamlar köpçülikleýin ogurlyga, ýalançylyga, hapaçylyga çümmesin, käsi gorkup saklansyn diýlip tapylan zatlar. Gönülesem, il islese - ýalançylygy, ogurlygy, talaňçylygy ýok etmese-de, azaldyp biler. Emma islemeýär. Ýalana, talaňa dymmagyň sebäbi onuň bilen ol ýa beýleki derejede ylalaşmak, içiňden ony goldamak ýa adamyň ýalan we talaň öňündäki ejizligine düşünmek we bu ýagdaýa tabyn bolmak bilen bagly. Sen adamlar ýokarlarda ýa aşaklarda bolýan zatlary bilmeýändir öýdýärmiň? Bilýärler. Ýaňy dil biten çaga-da çagalar bagyna ýerleşmek üçin para bermelidigini bilýär, sebäbi ol her gün ene-atasynyň edýän gürrüňlerini eşidýär. Emma çaga çagalar bagyna baranda, mekdebe gatnanda, soň ýokary okuw jaýyna girende, işe ýerleşende bu zatlar barada dymýar, eşiden ýa bilýän, düşünen zatlaryny aýdyp ýörmeýär. Diýjek bolýanym, adamlar dymýan bolsa, senem dym. Olar dymmagy, şeýle ýoly saýlap alan bolsalar, sen olaryň kararyna hormat goý. Bu aňrybaş demokratiýa - halkyň, köpüň saýlan ýoly! Goý, gezek-gezegine başlyk, prokuror, salgytçy, gümrükçi, polisiýa, sud, häkim, ministr ýa prezident bolsunlar, bir-birini talasynlar, türmä bassynlar, bir-biriniň öýüni ýyksynlar, seniň işiň bolmasyn. Işiň bolsa, dymmasaň - ýigrenerler, öç alarlar. Eger il bu zatlara garşy bolsa, bir zatlar diýerdi, aýdardy. Çaga-da aglamasa, emme berilmeýänini bilýär. Il bilmezmi? Ilden çykyp beýik bolunmaz, ogul!. Il bilen, onuň biri bolup beýik boljak bol. ’Ýekäniň çaňy çykmaz!’ Meniňki aýtmak, çünki aýt diýdiler. Ýöne saňa içimden guwanýandyryn, şuny bil we hiç kime aýtma?!."