Salam berseň...
Adam aýtdy:
“Oglankak ululardan eşidipdik: düýeli atla salam berer, atly - eşeklä, eşekli - pyýada, aňyrdan gelen işikde ýa gapynyň bosagasynda içerdäkä salam berer diýerdiler. Hatda giren öýüňde adam bolmasa, boş otaga salam ber, perişdeler bardyr diýerdiler. Giçlik suw başyna barsaň, suwa salam ber: ’Essalawmeleýkim suw aga, elim-ýüzüm ýuw aga, myhman geldi öýmüze, bir içimlik suw ber aga?’ diýmelidigini öwrederdiler. ’Taňry salamydyr, kim bersin, berlen salamy hemişe al’ diýerdiler. Soň biri Gyzylaýak halypanyň hemişe uly-kiçi diýmän öňürti salam berendigini, sogabyň ilki salam berene gitjegini aýdandygyny gürrüň berdi. Emma postsowet adamlarynyň käsi birhili, ilki salam berseň ýa gadyrlyrak salamlaşsaň, bir zat hantamadyr ýa gorkýandyr öýdýär. Salamyňy göwünsiz alýanlar-da bolýar. Hamala, minnet edýän ýaly. Ýöne soň şo hili adamlaryň, öz bir işleri düşse, gül ýaly adama öwrülip, edaly salam berip gelşini görüp, ‘hä, bular salamy biznese öwrüpdir-ow, iş bar - salam ber, iş ýok - salam-helik hökman däl’ diýdim. Emma beteri başga: birki gezek adam ýaly salam berseň, soňundan bir haýyşyň hem bolmasa, ters düşünip, üstüňden gülen, ýaňsylan bolýan-da, başga ýeriňe göz dikýän-de tapylýar. Onsoň ol köneki pentleri indi hemişe tutup bolanok.”