Surat

Minnetdarlygyň sebäbi

Adam aýtdy:

“Sowet döwrüdi. Obadan ‘Ejeň ýaranok’ diýen habar geldi, Aşgabatdan Mara gitdim. Ejem etrap merkezindäki hassahanada eken. Inim bilen yzyndan bardyk. Umumy palatada ýatyr, haly harap, ugruna seredýän ýok. Inim ‘baş wraçyň ýanyna girip-çyk, ilden alýanyny alsyn-da, özbaşyna palata geçirsin, gowja seretsinler, näçe gün ýaşajagy belli däl pahyryň, beýdip ýatmasyn’ diýdi. ‘Ýok, men barsam etmez, ‘ýer ýok’ diýer, müň bahana tapar, sebäbi men Aşgabatdan gelen, ilden alýanyny almaga çekiner’ diýdim. Inim ‘Onda nädeli?’ diýdi. Men iki ýüz rubly eline tutdurdym-da, ‘Sen gir oň ýanyna’ diýdim. Inim girdi, yzyna çykanda ýüzi ýap-ýagtydy. Men onuň iş bitirenini soraman bildim... Biz bu günki "Beýik para medeniýetine" şol günlerden, uzak ýol geçip geldik, onuň üçin partiýa we ýolbaşçylara köp sagbol aýtmaly, alladan uzak ömür dilemeli."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024