Ýeňijiniň ýeňlişi
...Olar 1873-de, Gazawatda ýeňlip ýeňipdiler. Sebäbi basybalyjy duşmana garşy durandyklary, öz erklerini gorandyklary üçin gyrgyna berlipdiler!
Olar 1881-de, Gökdepede hem ýeňlip ýeňipdiler. Sebäbi sähel öň,1879-da duşmany ýeňip ýeňipdiler, basybalyjy olaryň bu ’kemsitmesini’ bagyşlap biljek däldi.
Olar asyrlap öz topraklaryny gorapdylar, ýeňipdiler, ýeňlipdiler, köplenç ýeňişleri bilen däl, ýeňlişleri bilen ykrar edilipdiler. Aňyrdan gelen duşman - kim bolsa bolsun, olary äsgermezlik etmeli däldigini bilýärdi, garşydaş hökmünde ykrar edýärdi.
Olary öz topraklarynda, öz erklerini, mal-mülklerini goramaga çalşany üçin ’basmaçy’ diýip atlandyrypdylar, Gyzyl goşunyň gylyjyndan, hem ýerden, hem asmandan ýagdyrylýan okdan geçiripdiler. Emma haýran galmaly, bu gyrgynçylyklar olaryň ruhuny syndyryp bilmändi.
Men muny olaryň nesilleriniň halkyň, milletiň esasy sütünini - ene dilini işlemekde we dikeltmekde eden işlerinde, taýýarlan we çap eden sözlüklerinde, erteki-dessanlarynda, Görogluda, Magtymgulyda we beýleki klassyklarda, Seýitmyrat Öwezbaýewiň "Gönübeginde", Nurmyrat Saryhanowyň "Kitabynda", "Şükür bagşysynda", dünýä edebiýatyndan edilen terjimelerde... görýärin.
Bu ýeňlip ýeňmegiň iň beýik nusgasydy!
A indi?
...Žirinowskini "ýaşuly" edindiler.