Surat

Öňdengörüjilik

1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda, türkmen jemgyýetçiligine miting, antihökümet protestlerini gurnamak we geçirmek medeniýeti geljek-geljek bolanda, edara-kärhanalaryň ýolbaşçyrak wezipelerinde işleýänleriň käbiri özüniň bu zatlardan çeke durmagynyň sebäbini düşündirip, ’özüňiz bilýäňiz, biziň işimiz şeýle, haçan barlasalar - basaýmaly, işde kanuna dogry gelýän zadymyz ýok’ diýerdiler.

Käbir pikirlere görä, sowet sistemasynda aýdylýan zat bilen edilýän zadyň arasyndaky uly tapawut ahyry ony ýykdy, ýöne adamy garaşly, tabyn saklamagyň sowet tejribesi, ýalňyşmasam, täze dörän döwletleriň iň gowy gören, saklan we ulanan zady boldy. Olar adamlary işlän bolar ýaly etdiler, emma işletmediler, onsoň olara aýlyk berlen ýaly boldy, emma olaryň gazanany köplenç bezenenine ýetmedi.

Onsoň adamlar, sowet döwründäkiden has beterleşip, bikanun işlere has batyrgaý baş goşdular. Sebäbi olar başga ýol görmediler, kanun ýolundan, protest hem talap ýolundan gitmegi bolsa kyn, has howply gördüler. netijede, saýlap alan ýollary olar üçin hemişelik türme ähtimallygyny - ýagny sowet emeldarlarynyň ’haçan barlasalar- basaýmaly’ diýýänini üpjün etdi, edil şonuň bilen birlikde-de hökümete garşy mitinglere goşulmagyň, açyk pikirlenmegiň, gorkudan çykmagyň ýoluny ýapdy. Hökümete hem hut şu soňky ýagdaý gerekdi...

Şundan çen tutulsa, häzirki sistemanyň esasy direg-daýanjy, dilde kanunlary kämilleşdiren bolup, hakykatda kanunlaryň işlemegine ýol bermezlik, ýagny munuň üçin zerur bolan goşmaça sütünleri ýykmak, döwlet, hökümet maşynyny diňe adamlaryň kanun esasynda işlemek, gazanç etmek, adam ýaly ýaşamak mümkinçiliginiň öňüni almaga gönükdirmek bolup durýar.

Netije - adamlar indi ulurak ýa gowurak işlere däl, sübsegärlige hem para berip girýärler. Miting, ýygnanyşmak, pikir we söz azatlygy barada on kanun çykar, bir adam mitinge-de çykmaz, sözem aýtmaz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024