Surat

Ikitaraplaýyn gorky

Olar halky gorkuzyp, dymdyryp bilseler begenýärdiler. Sebäbi adam gorksa, içindäki pikirini daşyna çykarmaýar, ýokardakylary tankytlamakdan çekinýär. Işini ýitirmekden, türmä basylmakdan, çagalaryny aç-hor galdyrmakdan gorkýan adam, bolanja mydaryny ýitirmezlik üçin bar zada kaýyl bolýar. Olar, işsizligi we türme howpuny iň esasy reallyga öwrüp, şu kaýyllygy gazanmagy başardylar. Ýöne bu söweş ýokardakylar üçinem pidasyz bolmady, ýagny olaryň arasynda-da işini ýitiren, türmä düşen kän boldy. Iň ýamany bolsa, indi olaryň özleri, aman galanlary hem gorkýar. Sebäbi bu kaýyllygyň aňyrsynda ullakan ýigrenjiň durandygyny, kyn gazanylan ýeňşiň dolanuwsyz däldigini gowy bilýärler. Garaz, gedaý itden, it gedaýdan gorkar diýleni boldy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024