Surat

Çykalga däl çykalga

Adam aýtdy:

- Soňky döwür anonim hakykatçy köpeldi. Sowet döwründe-de kändi olar. Soň anonim ýa golsuz arzalara seretmesiz etdiler. Täze dörän anonim hakykatçylar indi adalatsyzlygyň sowet döwründäkiden ýüz esse köpelendigini, käbir ýolbaşçylaryň mafia ýaly hereket edýändigini aýdýarlar. Şu sebäpli hem olar açyk orta çykyp, ýolbaşçylary tankyt etmegiň örän howpludygyny, sebäbi ertesi gün öýüňe neşe maddasyny ýa ok-ýarag taşlap tutmaklarynyň daş däldigini öňe sürýärler. Käbirleri bolsa, bütin maşgalaňy ýanarlar, işden kowarlar... diýip, has aňryk gidýär. Şeýle bolansoň, bu ýerde ýeke çykalga adyňy aýtman, daşary ýurtlarda hereket edýän aktiwistlere ýa žurnalistlere interwiýu bermekmişin. Has anygy, olar öz adyňy aýtmaly däl, emma başga biriniň adyny, wezipesini aýdyp, islän zadyňy diýmeli, bu azda-kände netije berer diýýärler. Nämemiş, iň ýokarky ýolbaşçylar aşakdaky ýolbaşçylaryň edýän bikanun işlerinden bihabarmyş. Eger halk içinden adamlar çykyp, anonim ýagdaýda hakykaty aýtsalar hem, ýokarkylar kemçilikleri düzetjekmiş, öz wezipä bellän häkimine berk çäre görjekmiş we ş.m. ’Bu erteki ahyryn, çäre görende näme, ýerine ýene bir şoň ýalyny bellär-dä’ diýýärin. Adamlar özlerini aldamakdan lezzet alýarmyka ýa?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024