Surat

Keltelik

Sekiz-dokuz ýaşymda bolsam gerek, kakam üzüm çybyklaryny kesip, dersli çukurda kökletmegi, kä üzümleriň goluny gapdalynda bilinden gömüp kökletmeg we indiki ýyl täze ýere göçürip ekmegi öwredipdi. Mellegimiz ak, gara, irbişer, giçbişer üzümlerden doludy. Soň, Berzeňňiniň ýokarsyndaky baýyrlykda döredjilik işgärlerine bag ekmek üçin ýer berenlerinde, bazardan saýlama sortly üzüm nahallaryny, sary hem gara injir, hoz nahallaryny satyn aldym.

Niýetim, kiçijik jaý salnyp, işikde uly üzüm bagyny edinmekdi. Indi hakykatdanam bazara geçiler, adamlara has kän ýer berler, ýüzlerçe ýyl boş ýatan ýerler bag-bossana, aňyrsyna göz ýetmeýän üzüm plantasiýalaryna, injir, nar baglaryna öwrüler, munuň üçin daşary ýurtdan nahal almak gerek däl, çybykdan ýetişdirip bolýar diýerdim. Görersiň, bazarlaryň tekjeleri özümizde ýetişen önümlerden maýrylar, çagalar işikden alma, armyt ýygar, aç, bahyl, gaharly adamlar azalar diýip pikir ederdim. Emma kelte gaýdypdyryn: kelte syýasatçylara açlygyň bolçulykdsan has gereklidigini göz öňünde tutmandyryn....

Injirlerim hasyl berip ugranda egnimdäki eşigim bilen baş alyp gaçmaly boldum. Soň döredijilik işgärlerine berlen ýerleriň yzyna alnanyny, döwletiň ol ýerlerde daşardan altyn pul dökülip getirilen arçalary ekýänini eşitdim.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024