Surat

"Agzybirlik" diýseler

Ýadymda, ejem pahyr hemişe "Agzybirje boluň!" diýerdi. Köplükdik, çül-çaga bolup ulalypdyk. Çöreksiz nahar iýilýändir öýtmezdik. Çemçämizem kän däldi. Ejem pahyr "Durmuş gezekli çemçedir" diýerdi. Agzybirlik, agzybir bolmak, özgelere geçirimli, eglişikli bolmak gowy zatdyr öýderdim. Emma soň, "Agzybire taňry biýr, agzalany gaňrybiýr" diýip, döwlet propagandasy agzybirlik ideýasyny her gün diýen ýaly zorlap ugranda, onuň gulçulugyň sypaýyçylykly aňlatmasy hem bolup bilýändigi ilkinji gezek aklyma geldi. Sebäbi agzybirligi talap edýän garşysyndakynyň pikirini eşitmese ýa eşitmek islemese, ýa oňa taýýar bolmasa we islendik başga pikiri agzybirlige garşylyk hökmünde kabul etse, nädip agzybir bolup bolar? Iň ýamany, agzybirlik ideýasyny öňe sürýän, elinde kgbsi bolsa, sähel başga pikir etseň we şol pikiriňden dänmeseň, "ak ýürekden toba edip", umumy ýalançylyga we ogurlyga goşulmasaň, seni "bozgak, däli, dönük ýa terrorçy ýa ýene bir zat" diýip yglan eder. Eger-de agzybirlik ideýasyny öňe sürýänler heniz kgbsiz bolsa, ýagny häkimiýeti eýelemedik bolsa, sen olardan başgaça pikirlenseň ýa toparjygyna goşulmasaň, ýene aýyplamalaryň ýa tagmaň taýyndyr... Gowusy, "agzybirlik" diýseler, ägä bol, bu aňyrsyna seretseň köplenç "gepleme, baş at, el çarp, tans et, eliňdäki çemçäňi maňa başbütin ber, saňa çemçe nämä gerek?" diýmegi-de aňladyp biler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024