Surat

Ýatdan çykmaýan gürrüň

Adam aýtdy:

- Ýadyňdamy, Ýazly Ata diýip bir žurnalist bardy. Adamçylygyny aýtmaýyn, emma eli işleýän oglandy. Ýöne özüň bilýäň, partiýa eli işleýän žurnalistiň eline urardy. Soňabaka onuň eli işlemesini goýup, bar güýji diline geçdi. Ýöne özüň bilýäň, dilli žurnalistleri radionyň ýa telewidenýäniň köçesinden hem geçirmezdiler. Bu ýagdaý men diýen žurnalistleri sandan çykarýardy, ýalançy, arakhor, kezzap... edýärdi. Ýazly Ata muny "obadan okuwa gaýdamda-da bilýän ekenim" diýerdi. "Kakam gozakly motory bilen Tejeniň awtobus stansiýasyna getirip, Aşgabada ugradanda şeýle diýdim: ’Kaka, adamçylykdyr, her hili ýagdaý bolmagy mümkin, emma  indi ‘oglum bar’ diýip, menden kömege garaşmagyn. Sebäbi men okap, ýokary bilimli adam bolup, saňa däl, uly başlyklara hyzmat etmeli bolaryn. Eger sen kömege mätäç bolsaň, mekdepdäki Timurçylar toparyna ýüz tutup bilersiň.’ Onuň metbugatda çykan makalalarynyň hiç biri anyk ýadymda däl, emma şu gürrüňini hiç unudyp bilemok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024