Betbagtlygyň gözbaşy
Adam aýtdy:
- Ejem pahyr aýdardy: "Dardan asyljak bolup duran ogrudan iň soňky islegini sorapdyrlar. ’Ejem gelse, bir dilinden ogşasam, armanym galmazdy’ diýipdir. Patyşanyň adamlary derhal ogrynyň ejesini alyp gelipdirler. Ogry ejesiniň dilinden ogşamagyň ýerine ony dişläp, goparyp alypdyr. ’Muny näme üçin beýtdiň?’ diýseler, ’Sebäbi oglankam, goňşymyzyň keteginden ýumurtga ogurlap gelemde hiç zat diýmedi, biraz ulalyp, towuk ogurlap gelsem, ony bişirip berdi. Soň goýun, göle, sygyr, düýe ogurladym, zat diýmedi. Meniň şu dar agajynyň astyna gelmegime ejemiň dili günäkär, wagtynda diýmeli ene sözüni diýmedi’ diýipdir." Indi ol öňki patyşaly-hanly döwür däl, çagalar baglaryna, mekdeplere, mugallymlara, metbugata tonnalap pul dökülýär. Diýmek, indi nadan, çagasyna dogry terbiýe bermän, ters görelde bolýan ene-atalaryň gapdalyna okuwça bilim-sowat bermän, olaryň wagtyny ogurlýan, üstesine iliň çagasyny goşmaça gazanç üçin ulanýan mugallymlary, ýalan sözleýän žurnalistler, ýazyjylary... hem goşmaly. Olar islendik jemgyýetde erteki gün diňe erbetleri däl, gowulary-da içine gapgarjak betbagtlyk çukuryny gazýarlar...