Iki hünär

Adamlaryň arasynda has kän ýaýran iki işe ýa hünäre kän duşdum. Olaryň birinjisi ekspertlik. Ekspertler islendik meseleden baş çykarýar we sorasaň-soramasaň öz ekspert pikirini aýdýar. Bu ekspertler garşylykly sorag berseň ýa diýenini etmeseň, öýkeleýär. Ikinji kän ýaýran hünär meýletin prokuror bolmak. Bu iş üçin okamak ýa para berip, tanyş görüp, wizipä geçmek hem hökman däl. Islän adamyňy islän zadyňda aýyplabermeli. Esasanam öz halamaýan adamlaryňy, ýa bir zatda gaňryşyňa gaýdan kişini isledigiňçe garalap bolýar. "Hä" berýän ýa meýildeş tapsaň dagy, dök pahyryň üstünden islän garaňy. Türkmençä terjime edeňde, bu hünäriň manysy hem şol, ýagny garalawçylyk bolýar. Döwlet garalawçysyndan tapawutlylykda, meýletin ýa çeper höwesjeň garalamak üçin aýlyk ýa para hem almaýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024