Bir aksiýanyň üç reaksiýasy
1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, döwlet eýeçiligindäki metbugatda gadagan bolamsoň, daşary ýurt radiosynda möwç alyp barýan neşekeşlik problemasy barada çykyş eden bolardym. O mahal bu problemanyň arkasyndaky uly oýunlardan habarsyzdym, taryhdaky tirýek uruşlary hakynda mekdepde hiç zat eşitmändim. Edýän işimden razydym. Bir gün, aşgabatly bir garyndaşyň goşunda gulluk edýärkä gökdepeli gullukdaşy tarapyndan atylyp öldürilen oglunyň ýerine bardym. Howlynyň agzynda biri adymy tutup salamlaşdy-da, tapçanda otuan ýaşulularyň ýanyndan ýer görkezdi. Duz dadyp, aýat okalandan soň, çopan sypat bir ýaşuly menden "Azatlykda neşekeşlik hakynda çykyş edýän Ýowşanmy sen?" diýip sorady. Baş atdym. Ol maňa taňryýalkasyn aýdyp, "şu edýän işiň üçin ýalkanarsyň sen" diýdi.
Soň bir gün, başga bir tanyş adam, Çoganlynyň gapdalyndaky bazarda duşup, "Yradýada neşekeşlik hakynda edýän gürrüňleriňi diňleýän, bu millete beýdip jan çekme, degmez" diýdi. Näme diýjegimi bilmän, ýüzüne soragly seredendirin-dä, ol: "Oglunyň ýa gyzynyň neşe edýänini eşitseň, ’bolupdyr, gutly bolsun diý, güni gowy bolsa, saňa, maňa gün bermez bular, alla garynjanyň bilini bilip gysandyr" diýip, öz ýoluna gitdi.
Soňra, ýurt içinden ýazmamy goýup, daşary ýurtda dünýä döwletleriniň arasynda turýan tirýek-beýleki uruşlarynyň aňyrsyna düşünjek bolup ýörkäm, ýene bir pikir eşitdim. Elbetde, ol pikirem tanyşsyraýan adama degişlidi, ýöne ol ’tanyş’ meniň neşekeşlik hakynda ýazanym ýa ýazmanym hakynda hiç zat aýtman, "mugt bolsa, özümiňem gaýdan zadymyň ýokdugyny" ynandyrmaga çalyşýardy.