Medwedewiň krassowkasy

Düşünjek bolýaryn, düşünmäge çalyşýaryn, synanyşýaryn, kelläme, ýüregime agram salýaryn, sebäbi düşünesim gelýär.

Ýaşamak üçin düşünmeli, bilmeli, bolýan we edilýän zatlar nämäni aňladýar, ululary, kiçileri - özüň ýaly adamlary, köplügi nirä alyp barýar? Bu zatlaryň soňy näme bolar?

Düşünjek bolýaryn. Çagalykda, dört-bäş ýaşlarymda, ejem tikin maşynda çit matadan köýnejik tikip geýdirende, begenjimdem öýe gelen goňşulara görkezerdim. Olar "Waý, gowudygyny! Ejeň tikdimi?" diýerdiler, käsi gutluk diýip, 1, 2 köpüjek bererdi (Men Tejende, obada doguldym, aýalym Aşgabatda, şäherde doguldy, ol özüne 5, 10 köpük gutluk berendiklerini aýdýar). Köýnegimiň döreden täsirine begenjimden gürläp bilmän, buýsanç bilen baş atardym.

Düşünjek bolýaryn. Adam döwlet döwlet başynda otyr. Täze, üýtgeşik krassowka, owadan gülli, ýiti reňkli köýnek alnypdyr. Täze, üýtgeşik äýnegi-de bar. Surata düşýär. Ýene kän zady bar. Görkezesi, ile güjeňläsi gelýär. Düşünýän, adamdyr! Ýöne sen çaga däl ahyryn, ýa o köýnegi ejeň tiken bolsa... Ýa-da, juda bolmanda, adam ýaly işläp, halal gazanan bolsaň...

Düşünjek bolýaryn, adam näme üçin ogurlanan ýa aldaw, hile-mekirlik bilen edinilen zat bilen hem görünmek, öwünmek isleýär?

Ýöne düşünjek bolmak howply. Sebäbi düşünseň, bir zat diýersiň, halanmaýan soraglary soramagyň mümkin. Muňa üýtgeşik krassowkalynyň gahary geler, seni ýigrener, "däli", "dönük" ýa "daşary ýurt agenti" atlandyrar. Çagasyna idili aýakgap alyp bilmeýän, günde iýjek çöregi hyllalla bolan millionlap adam - seniň ykbaldaşlaryň oňa ynanar, bolmanda sesini çykarmaz...

Düşünjek bolýaryn, ýöne düşünmekden, düşünýänimi bildirmekden üýşenýärin, arkamda garynja ýöreýän ýaly bolýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024