Dowzah azaby

"Edebiýat we sungatdaky" başlygym Kakaly Berdiýew, näçe ýyl geçse-de, göz öňümde dur. Ol: "Aşakda altmyş gapy bar, hemmesini açyp-ýapaýmaly, bir žurnalist ýok" - diýip, Metbugat öýüniň ikinji gatynda ýerleşýän gazet redaksiýalaryny nazarda tutup aýdardy. Biz – "Edebiýat-sungatçylar" üçünji gatda ýerleşýärdik. "Ýa şolar ýaly bolmak isleýärsiňizmi?" Ol bu soragy bir gezek, gaty gahary gelende berdi. Ol žurnalistlik işe gelip, gün geçirmek däl, bir haýyrly makala ýazmak, bir haýyrly interwýu almak... diýip hasaplardy. Indi düşünýän, žurnalizme bu pikir bilen gelmek we galmak "dowzah azaby" eken. Ýöne muňa endik bolanlar žurnalizmden aýrylsa, bagtly ýaşamakdan geçen, hiç hili ýaşap bilmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024