Kiçijik adamyň bagty

Ol bir kiçijik adamdy. Gaty gorkakdy. Hemmelerden gorkardy. Emma uly, beýik bolmak isleýärdi, hemmelerden güýçli, batyr bolmak isleýärdi. Ýöne ýetim ösüpdi, içinde mätäçlik, hantamalyk, elgaramalyk otyrdy. Durmuşy aňsat bolmandy, elbetde. Kimiňki ýeňil bolupdy diýsene? Emma her kim bir ýoly saýlaýar. Ol gaça urşy, urup aglamagy, nadaralygy, töhmeti saýlap aldy. Ilkiler, içindäki kine-kitüwi basyp, özünden kän kiçiler bilen hem "jan" diýip gürleşişini, kän eselmeýşini görüp, aldananlar hem boldy. Emma aýagy ýer tutdygyça, içindäki peslikler daşyna çykyp, garşysynda duranlara çöwjäp ugranda, ondan elheder alanlar hem az bolmady. Ýöne ol çagalykda özleşdiren urup aglamak taktikasyny, ahmala salyp urmagy, nadaralygy we töhmetçi-ýalançylygyny ölýänçä goýmady, hiç toba etmedi. Sebäbi her näçe uly, beýik kürsä çyksa-da, her näçe mal-dünýe toplasa-da, ne gorkudan çykdy, ne gözi doýdy. Aç gitdi bende. Bu açlyk oňa potensial garşydaşlaryny ýüzläp däl, müňläp ýok etmek mümkinçiligini, bütin bir halky gulçulyga, garyplyga, bisowat-nadanlyga iteklemek "bagtyny" berdi. Şol "bagtyň" arkasyndanam, megerem özi ýaly kiçijik adamlar, ony henizem arman bilen ýatlaýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024