Iki ýazyjy
Olaryň biri kän göze ilmeýän, belki-de öz ýanyndan özüni diri klassyk hasaplaýan (bu aýyp däl, sebäbi şonsuz ýazmagyň manysy az!), emma muny daşyna çykarmaýan ýazyjydy. Ikinjisi ozalky arakhor, emma soň tanymal şahyr bolan, hem özüni diri klassyk hasaplaýan, hem muny käte diline alýan, şol bir wagtda köp okyjysy tarapyndan diri klassyk hasaplanýan ýazyjydy.
Ikinji ýazyjy bilen dostduk, pikirdeşdik, gatnaşýardyk, oturyşýardyk...
Başga ýagdaýlary däl, olardaky bir tapawut – dünýä edebiýatynyň klassyklarynyň biri Jebran Halyl Jebran bilen baglylykda, berk ýadymda galdy. Jebran Halyl Jebrana ýüzlenme atly poemamyň gazetde çap edilen günleriniň yz ýanlarydy. Birinji, kiçigöwün ýazyjy köçede duşup, poemamy okandygyny aýtdy we "her ýazyjy, öz ýazýan zatlaryndan başga, türkmen edebiýatyna bir Jebran Halyly getirse, edebiýatymyz, gör, nähili baýardy" diýdi.
Ýaşdym, işim barada hoş söz aýdylsa, çynym bilen begenýärdim.
Soň bu poema ikinji, dost we pikirdeş hasaplanylýan ýazyjynyň reaksiýasyny eşitdim. Kärdeşlerimiň biri döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda geçen bir ýygnakdan gülüp geldi: «Ýaňy, adyňy tutmasalaram, seň gürrüňiň edildi. (Ol ikinji ýazyjynyň adyny tutdy-da) ’Ýaşlar Jinlinskiý diýen ýaly birini tapýarlar-da, poema ýazýarlar... Magtymguly ýaly milli şahyrymyz barka, onuň üstünden ätläp, Jinlinskiden ylham almalymy biz?’ diýdi. Ol seň Jebran Halyl Jebrana ýüzlenmäňi okan bolmaly..."
Soň ol ýazyjy "Edebiýat we sungatda" çykan makalasynda köne bir rowaýaty, baş weziriň patyşa tutulyp getirilen adamy gürletmän öldürmegi, gürletse – öldürtmejegi barada öwüt berşini mysal getirip, ozalam söz azatlygyny nätjegini bilmän ýören prezidentden ýaşlaryň agzyny ýumdurmagy özlenip haýyş etdi. Soň eşidip otursak, ol ýygnaklarda prezidentiň öňünde onuň patyşa diýlip yglan edilmegi barada mesele goýýan eken...
Ýaşdym, köp zady ýüregime alýardym, gynandym. Emma gananyp ýöresi iş ýok eken, täze döwür köne-küşüli taryhyň hendegine zyňýan eken. Kimler ol hendege gelýän täzelige düşünip we sessiz, birinji ýazyjy ýaly mertebeli gitse, biraz ýerden aýagy üzülen, şol döwürlerde metbugatda aýdylyşy ýaly, üstünlikden başy aýlananlar, taryhyň hemmeleri gapgarýan çukuryna gaçmazdan öň öz atlarynyň üstünden gara çyzyk çyzýan eken.