Milli dawa
Her ýyl, ilkinji diktatoryň doglan ýa ölen gününde tutuş bir halky iki bölege bölýän milli dawa turýar. Birleri "atamyzdy, şahyrdy" diýip, ol tarpa-taýyn öleli bäri ýürekde toplanan agy-armanyny daşyna çykarýar, beýlekileri "biziň-ä öz kakamyz bar", "şahyr nämişlesin, ýazyp berlen zady ýalňyş okap, masgara bolýardy" diýýär. Emma "atam" orlaşygy peselmeýär. "Garaşsyzlygy alyp berene" dil ýetirenlere "näletkerdeler" diýip, ýerli-ýerden hüjüm edýärler. "Näletkerdeleriň" muňa gahary gelýär. Olar: "Ejeňizi özüňiz bir beýle kemsitmäňdä-raý" diýýrler-de, gyra çekilýärler. Bu ýagdaý indi tas on ýyl bäri gaýtalanýar.