Näme üçin bize bolýar?

Olar "Bu zatlar näme üçin biziň ýurdumyza bolýar?" - diýip, ilki öz-özlerinden, soň iň ynanýan dostlaryndan,ýakyn garyndaşlaryndan soradylar. "Näme üçin biziň okan, ösen adamlarymyz diňe özlerini bilýärler? Näme üçin olaryň içinde il-ýurdyň aladasyny edýän az? Näme üçin soňky ýigrimi bäş ýylda olaryň köpüsi ogurlykda ýa iş başarmazlykda aýyplandy? Näme üçin indikilere-de diňe şol ykbal garaşýana meňzeýär? Näme üçin adamlar indi hiç gowulyga garaşmaýar? Näme üçin biziň hökümetimiz we mediamyz hiç çyn gürrüň etmeýär?" Bu soraglara hiç kim jogap berip bilmedi. Emma olaryň käsi içinden pikir etdi: "Belki biz ondan öňki ýigrimi bäş ýylda soňky ýigrimi bäş ýylda tamdyra ýapyljak çörekleriň hamyryny gowy ýugran däldiris?.." Emma olar bu pikirlerini daşlaryna çykarmaga çekindiler. Bu çekinjeňlik iki ýigrimi bäş ýyldan hem öňräkden gelýärdi entek hiç ýere gitjek bolmaýardy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024