Halypa we şägirt

"Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter." Türkmen nakyly

Bosgunlykda ýaşaýan professor dogduk ýurdundaky diktatory tankytlap, ozal onuň öz okuwçysy bolandygyny, öňünde ýaýaplap, derwezäni açyp berip, hyzmat edendigini aýdyp öwündi. O diýýän wagtlary professoryň arkasynda kompartiýa bilen kgb bardy. Nägile bolup, ýurtdan gitjek bolan dälihana salynýardy. Gynançly ýeri, indi onuň okuwçysy tutuş halky ýaýapladyp, özüne we ýakynlaryna hyzmat etdirýär. Sebäbi onuň arkasynda dempartiýa bilen kgb bar, bagty çüwüp, saý-sebäp bilen ýurtdan çykanlar bolsa, ölüm ýassygyndaky atasy bilen hoşlaşmaga-da getirilmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024