Fantaziýa kemterligi
Ýaşlykda birki sany fantast ýazyjynyň kitabyny okajak bolupdym, emma pisindim oturmandy. Şonda bu pişäni bes edenime, fantast ýazyjy-beýleki boljak bolmagy asla hyýalyma getirmänime indi begenmek begenýärin. Sebäbi barybir adamlary emeli açlyga sezewar edip, bir-birini taladyp, tutuş ýurdy türmä öwrüp, ýurdundan gaçmaga mejbur edip, soňam oňa "Bagtyýarlyk" diýip at berip boljagyna hiç wagt fantaziýam ýetmezdi.