Içki sorag

Olar öň ýüzükliniň, soň ýene bir şoň ýalynyň hyzmatdaşy boldular. Bilip ýa bilmän, aktiw ýa passiw, olar ezijini goldadylar, özlerini talaýany, çagalaryny bilimsiz goýýany, garaňka hem sowuga kowýany goldadylar. Ýok, olar meni ýa ýene bir men ýalyny goldamady, ýalandan, sypaýyçylyk üçinem goldamady. Birinji gezek türmeden çykamda, ikinji gezek boşamda iki-ýeke gelenleri bilýän, sag bolsunlar, ýöne olaryň köpüsiniň gözünde çuň gorky bardy, gelseler gelipdiler, emma bahymrak gaçmaga howlukýardylar. Köpler, duz iýşenlerim, toýda-ýasda gatnaşanlarym tötänden, köçede pete-pet duşanda hem ’gözüň aýdyň’ diýmäge ýaramandy. Indi habar ýetirýärler, garaşýarmyşlar, bir zatlar etmelimişim! Näme üçin? Ýa meniň başga işim-derdim ýokmy? Özleri üçin şonça erbetlik edene men näme üçin ýene başymy etegime salyp, gowulyk etjek bolmalymyşym? Bu soragy bolmanda içimden sorap bilerin-ä?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024