Ýazmagy goýmagyň wagty

1993-nji ýylda resmi metbugatda gadagan edilip, diňe internetde özümi ýatladyp başlalym bäri bir ygrarly okyjym bardy. Ol käte pikirini aýdyp, okyjylarymy doly ýitirmändigimi bildirip durýardy. Şeýle-de ol, käte-käte hat ýazyp, entek resmi metbugatdan çetleşdirilmedik ýazyjy-şahyrlardan zeýrenýärdi. Ýöne ondan golaýda begençli hat geldi. Ol hatda okyjym "başy gowgaly türkmen edebiýatyna täze bir nesliň gelýändigini buşlamak isläpdir". Muňa delil edip, ol bir hekaýa hem iberipdir we menden ony hökman okamagy haýyş edipdir. Uzak wagt bäri türkmençe zat okamandym. Megerem şondan, hekaýada üýtgeşik zat görmedim. Ygrarly okyjym meniň "bu ajaýyp esere düşünip bilmändigimi" gaty gördi. "Seret, oglanyň öler jany "Ruhnama", ony okasy gelýär, emma ejesi köne pikirli: "Biderek zada pul berme" diýip, ony aldyrmaýar. Bir günem daýysy gelip, ýegeninden çaý başynda "Ruhnamanyň" anyk bir sahypasyny okap bermegini soraýar. Ýegeni öýde o kitabyň ýokdugyny, ejesiniň aldyrmaýandygyny aýdýar. Daýysy pul çykaryp, ýegenini dükana iberýär. Şondan soň oglan daýysy gelende, oňa her gezek "Ruhnama" okap berýär, olam diňläp uklaýar... Bu taýda sowet döwründe bilim alan, aňy propaganda bilen zaýalanan eje bilen garaşsyzlykda doglan azat-erkin ogluň arasyndaky çuň sosial gapma-garşylyk beýan edilýär... Ahyrynda daýy bilen ýegeniň arasyndaky ruhy ýakynlyk oglany ejesiniň garaňky dünýäsinden çykaryp, dolanuwsyz ýagtylyga gowşurýar. ’It -ata, är -daýa’ diýleni! Siz - dissidentsumaklar, türkmen halkynyň nobatdaky gaflat ukusyna şeýle aňsat, şeýle meýletin gidişini hiç wagt şunuň ýaly çuňňur we ynandyryjy beýan edip bilmersiňiz, ýazmaňyzy goýuň!" diýip, ygrarly okyjym ýazdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024